Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň DIM-niň Halkara Guramalary departamentiniň müdiri bilen duşuşdy
28.02.2025 | 00:30 |27-nji fewralda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň DIM-niň Halkara Guramalary departamentiniň müdiri hanym Şeýha Hunud Abdulrahman Naser Al Tani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti şeýle hem Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleri bilen tanyşdyrdy we oňa Katar tarapyny işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem taraplar BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek we öňe sürülýän halkara başlangyçlary özara goldamak babatynda pikir alyşdylar.
ORIENT