Türkmenistan Koreýada geçirilen halkara bilim maslahatyna gatnaşdy
21.02.2025 | 11:00 |Döwletmämmet Azady adyndaky Tükmen milli dünýä dilleri institutynyñ ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Koreýa Respublikasynyñ Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda “Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet” atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy.
Çäreler Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirildi. Türkmenistanyñ wekili myhmanlara Döwletmämmet Azady adyndaky Tükmen milli dünýä dilleri institutynda koreý diliniñ öwredilişi barada wideo ýazgysyny görkezdi.
Şeýle-de Selbi Batyrowa Kangwon milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyp, olar Döwletmämmet Azady adyndaky Tükmen milli dünýä dilleri institutynyñ hem-de Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda magistrlik maksatnamalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri barada maslahatlaşdylar.
ORIENT news