Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ekologik dolandyryş: daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň tejribesi
15.02.2025 | 20:20 |Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyna we Ählumumy metan borçnamasyna (GMP) goşulmagy, ýurduň strategiki nebitgaz pudagynda netijeli ekologik syýasaty durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistan degişli milli maksatnamalary kabul etdi. Şeýle hem, ýerli känlerde uglewodorod çykarmak bilen meşgullanýan we halkara ekologik dolandyryş standartlaryny berjaý etmekde peýdaly tejribesi bolan daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynyň işine ekologik talaplar girizilýär.
Şeýle kompaniýalaryň biri, 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň günbatar sebitindäki Nebitdag böleginde önüm paýlaşyk ylalaşygynyň (ÖPY) operatory bolup durýan Eni Turkmenistan Limited (ETL) kompaniýasydyr. ETL, öz işiniň ählumumy zyňyndylaryna täsirini azaltmaga gönükdirilen «Uglerod taýdan bitaraplyk» atly uzak möhletleýin maksatnamany amala aşyrýar.
ETL, zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça iň ýokary standartlara laýyklykda iş alyp barýar. Munuň subutnamasy hökmünde, kompaniýa 2023-nji ýylda ISO 45001 halkara zähmeti goramak, saglygy we iş howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna laýyklyk şahadatnamasyny aldy. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň dekabrynda ISO 14001 standartyna laýyklyk şahadatnamasyna eýe boldy. Bu, kärhanada ekologik dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýar. Bu ulgam önümçilik prosesleriniň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirlerini azaltmaga we gaýtadan dikeldilmeýän serişdeleri netijeli ulanmaklyga gönükdirilendir.
ISO 14001 – halkara derejesinde ykrar edilen ekologik standart bolup, daşky gurşawy goramaklyga üns berýän kompaniýalar ony meýletin ýagdaýda ýerine ýetirmegi öz üstüne alýarlar. Häzirki wagtda ETL suw serişdelerinden peýdalanmak, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we galyndylary dolandyrmak boýunça täsirli ekologik tejribeleri durmuşa ornaşdyrmaga dowam edýär.
ETL kompaniýasynyň ISO 14001 şahadatnamasy, Italiýanyň Genuýa şäherinde ýerleşýän hususy kompaniýa RINA tarapyndan berildi. 1861-nji ýylda Registro Italiano Navale ady bilen döredilen bu kompaniýa, başda gämi klassifisirlemesi bilen meşgullansa-da, soňlugy bilen energiýa, deňiz transporty, sertifikasiýa, senagat, emläk we infrastruktura ýaly ugurlarda iş alyp barmaga başlady. Sertifikasiýa babatda RINA kompaniýasy materiallary, taslamalary, tehnologiýalary, önümleri we önümçilik amallaryny bahalandyrmak, barlagdan geçirmek we şahadatnamalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.
Kompaniýa, ISO 14001 standartyna laýyklykda ekologik dolandyryş ulgamlarynyň sertifikasiýasyny hödürleýär. Bu standart, ekologik sertifikasiýa ulgamynda iň meşhur halkara standartlarynyň biridir. Ol ekologik nukdaýnazarlar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri bahalandyrmaga esaslanýar, galyndylary dolandyrmak, monitoring hem-de ekologiýa bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar üçin meýilnamalary işläp düzmek ýaly talaplary öz içine alýar. RINA kompaniýasy bu sertifikasiýany bermäge ygtyýarly bolup, ol ACCREDIA (Italiýa), ANAB (ABŞ) we INMETRO (Braziliýa) ýaly halkara guramalar tarapyndan akkreditasiýa edilendir. Bu bolsa, RINA-nyň ISO 14001 we beýleki halkara sertifikatlaryny bermäge doly ygtyýarlydygyny tassyklaýar.
RINA dünýäniň onlarça ýurdunda ýüzlerçe şahamçasy bolan giň halkara müşderi toruna eýe. Türkmenistanda bolsa kompaniýa, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, takmynan 30 taslamany amala aşyrmaga gatnaşdy.
ORIENT