Iň täze habarlar

Ählumumy gaz merkezi we Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňeldýär

15.02.2025 | 17:55 |
 Ählumumy gaz merkezi we Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňeldýär

13-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň we Ženewadaky beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ählumumy gaz merkeziniň (GGC – Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy.

Duşuşykda Merkeziň işi we Türkmenistan bilen GGC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri öwrenmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar gaz pudagynyň häzirki tendensiýalary we energiýa geçişi barada pikir alyşdylar. Waleri Dýukro halkara gepleşikleri üçin meýdança bolup hyzmat edýän, gaz pudagynyň esasy oýunçylaryny birleşdirýän Ählumumy gaz merkeziniň wezipesi barada jikme-jik maglumat berdi.

Ilçi Hajiýew Türkmenistanyň ähmiýetli tebigy gaz gorlaryna ünsi çekdi hem-de ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we gaz pudagynda öňdebaryjy tejribäni ulanmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

15022025-globalnyj-gazovyj-centr-i-turkmenistan.jpeg

Şu nukdaýnazardan taraplar GGC bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bolan ugurlaryny şol sanda bilermenleriň tejribe alyşmagy, türkmen wekilýetleriniň Merkeziň çärelerine gatnaşmagy, şeýle hem gazy durnukly peýdalanmak ugrundaky bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin anyk ädimleri öwrenmek barada ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň Ženewadaky diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

ORIENT

Foto: switzerland.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: