Ulag-aragatnaşyk pudagy – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi
15.02.2025 | 16:50 |Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş depginlerini görkezmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine görä, ýurduň jemi içerki önümi 6,3% ýokarlandy. Bu işde 11,1% ösüş depginini görkezen ulag-aragatnaşyk pudagynyň möhüm goşant goşandygy bellärliklidir. Bu bolsa ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we logistika hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk etýär.
Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösüş depginleri: “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça – 117,1%, gämi gatnawy boýunça – 116,6%, howa gatnawy boýunça – 116,3%, awtoulag gatnawy boýunça – 111%, demir ýol gatnawy boýunça– 104,1% deň boldy.
Geljek ýyllarda Türkmenistanyň sebitdäki möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny güýçlendirjek ulag infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmek meýilleşdirilýär.
Deňeşdirmek üçin – ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini söwdada – 9,9%, hyzmatlar ulgamynda – 9%, oba hojalygynda – 4,2%, gurluşykda – 2%, senagat pudagynda – 1% deň boldy. Bu görkezijiler 14-nji fewralda, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim edildi.
ORIENT