Iň täze habarlar

Minskiniň Dostluk öýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreler geçiriler

31.01.2025 | 21:45 |
 Minskiniň Dostluk öýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreler geçiriler

31-nji ýanwarda Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostlukly we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň binasynda – “Dostluk öýi” – Türkmenistanyň Minskdäki Ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Jemgyýetiň başlygy Nina Iwanowa arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň guralyşyny, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesi we “Dialog parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjyň arasyndaky baglanyşygy görkezýän 2025-nji ýylyň şygaryna ünsi çekdi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk Türkmenistan döwletliliginiň ganaty hökmünde hasaplanyşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025 - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynda berkidilen parahatçylyk we ynanyşmak hem ýer ýüzündäki durnuklylygyň esasy ýörelgeleridir. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça biragyzdan kabul edildi we oňa 86 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Kararnamanyň esasy maksady – öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň giňden ulanylmagyna esaslanýan syýasy dialoglar esasynda halkara jemgyýetçiliginiň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryny jemlemekden ybaratdyr.

31012025-v-minskom-dome-druzhby (6).jpg

Duşuşygyň ahyrynda “Dostluk öýi” üçin sowgat hökmünde bu edaranyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny alamatlandyrýan türkmen el işleri gowşuryldy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan üpjin edildi

Şeýle hem okaň: