Aprel aýynda Osakada Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar
14.02.2025 | 23:20 |Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow şu hepdede Osaka şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde “Expo 2025” Bütindünýä sergisiniň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manasu we “Expo 2025”-iň protokol bölüminiň başlygy Takeşi Hikiharo bilen duşuşyklary geçirdi.
Bu duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiň 2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa meýilleşdirilýän sapary bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Tokio şäherindäki ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Taraplar şeýle hem “Expo 2025” çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli geçiriljek çäreler barada jikme-jik maslahatlaşdylar.
2025-nji ýylyň 13-nji fewralydaky maglumatlara görä 158 ýurt we sebit hem-de 7 halkara guramasy “Expo 2025 Osaka, Kansai, Japan” sergisine özleriniň gatnaşjakdyklaryny tassyklady.
Bütindünýä sergisi 13-nji aprel – 13-nji oktýabr aralygynda 184 gün dowam eder.
ORIENT