Azerbaýjanda Hazar deñzi boýunça ýolagçy akymy ýokarlandy
18.02.2025 | 12:59 |2024-nji ýylda Azerbaýjanda Hazar deñzi boýunça ýolagçy akymy ep-esli derejede ýokarlandy.
"Azerbaýjan Hazar deñiz gämiçiligi" ÝGPJ-niñ (ASCO) metbugat gullugynyñ maglumatlaryna görä, geçen ýyl 28 392 ýolagçy geçirildi, bu hem 2023-nji ýyl, haçan-da ýolagçy sany 23 729 adama barabar bolan wagty bilen deñeşdirilende, 20 % ýokarydyr. Kuryk-Alýat we Alýat-Kuryk ugurlary has meşhur boldy, olardan 9 746 hem-de 14 834 ýolagçy hasaba alyndy. Şeýle hem, Türkmenbaşy-Alýat ugruna gyzyklanma artyp, ondan 1 220 ýolagçy geçirildi.
2023-nji ýylda Kuryk-Alýat ugry boýunça 8 361 ýolagçy, Türkmenbaşy-Alýat boýunça - 485, Alýat-Kuryk boýunça -13 191, Alýat-Türkmenbaşy boýunça - 1 393, Aktau-Alýat boýunça - 144, Alýat-Aktau ugry boýunça bolsa - 155 ýolagçy geçirildi.
Bu maglumatlar deñiz daşamalaryna barha artýan gyzyklanma we sebitde infrastrukturanyñ gowulandyrylmagyna şaýatlyk edýär.
ORIENT news