Iň täze habarlar

Daşary ýurt raýatlary üçin MGIMO okuwa girmäge hasaba alyş açyldy

18.02.2025 | 03:50 |
 Daşary ýurt raýatlary üçin MGIMO okuwa girmäge hasaba alyş açyldy

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutynda (MGIMO) bakalawr maksatnamasy boýunça bilim almak isleýän daşary ýurt raýatlary üçin resminamalary kabul etmek boýunça hasaba alyş başlandy. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan MGIMO halkara ugurly 18 hünär boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitet 1946-njy ýyldan bäri daşary ýurt raýatlaryny kabul edip gelýär we şol döwürden bäri bu okuw mekdebini 4800-den gowrak daşary ýurtly talyp tamamlap, olaryň ençemesi meşhur syýasatçy, diplomat, alym, telekeçi we žurnalist boldy. Häzirki wagtda MGIMO-da 82 ýurtdan gelen müňden gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar.

Bu abraýly okuw jaýynda mugt okuwa girmegiň mümkinçiliklerinden biri hem üçünji gezek geçirilýän MGIMO-nyň Halkara mekdep olimpiadasydyr. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilýär, netijeleri bolsa mart aýynda çap ediler. Olimpiada Gyrgyzystanyň, Azerbeýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Hindistanyň, Serbiýanyň hem-de Afrikanyň ýurtlarynyň raýaty bolan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler her bir ýurt üçin aýratyn kesgitlenilýär.

Geçen iki ýylyň dowamynda bu bäsleşige gatnaşan 4000-den gowrak mekdep okuwçysy öz bilim derejelerini barlady, olaryň onlarçasy häzirki wagtda MGIMO-da bilim alýar. Şu ýyl olimpiada gatnaşyjylaryň raýatlygyna baglylykda rus we iňlis dillerinde geçiriler. Gatnaşan okuwçylaryň rus we iňlis dillerindäki bilimleri, şeýle hem geografiýa, dünýä taryhy we halkara gatnaşyklary boýunça umumy düşünjeleri barlanar. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, deslapky saýlama tapgyry onlaýn synag görnüşinde, jemleýji tapgyry bolsa gaýybana we gaýybana däl görnüşinde guralar.

Olimpiadanyň ýeňijilerine MGIMO-nyň rektorynyň çözgüdi bilen bakalawr maksatnamasynda ýa-da daşary ýurtly raýatlar üçin taýýarlyk fakultetinde mugt bilim almak mümkinçiligi berilýär. Baýrakly orunlary eýelänlere bolsa, portfolio bäsleşik netijelerine laýyklykda, tölegli okuw ýerlerine ileri tutulyp girmegiň mümkinçiligi berilýär. Şeýle hem, iň gowy netijeleri görkezen okuwçylara MGIMO-da ýeňijiler we baýrak eýeleri üçin geçiriljek ýörite gaýybana çärä gatnaşmak mümkinçiligi dörediler.

Olimpiadanyň ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, 2024-nji ýylyň tomsunda MGIMO kabul edilen talyplaryň arasynda, Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebini tamamlan Altyn Aşyrowa hem bar. Ol MGIMO-da okamak arzuwynyň çagalykdan bäri bardygyny nygtady. int-olymp-mgimo.com saýtyndaky söhbetdeşlikde ol bu Olimpiada barada ilkinji bolup ene-atasynyň eşidendigini we olaryň gatnaşmaga höweslendirendigini belledi. Onuň pikiriçe, bu taslama daşary ýurtlylar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär we Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birine okuwa girmegiň ýollaryny açýar. Şeýle hem, ol bu olimpiadanyň diňe bir synag bolman, eýsem, okuwa girmäge ynam döredýändigini aýtdy.

Алтын.jpg

«Men ýeňiji bolandygymy bilenimden soň, ilki bilen haýran galdym, soň bolsa şatlyk, buýsanç, ýeňillik we özüme has uly ynam duýdum. Netijede, men Russiýanyň DIM-niň MGIMO institutyna synagsyz kabul edilip biljekdigime göz ýetirdim. Öz ugrumdan örän kanagatlanýaryn, sebäbi men diňe bir hukukçy däl, eýsem, halkara hukugy boýunça hünärmen bolmaga taýýarlanýaryn. Meniň üçin iň gyzykly zatlaryň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmek. Häzirki wagtda men nemes dilini öwrenýärin we ony mekdep döwrümden bäri öwrenýärin», – diýip, Altyn belledi.

Russiýanyň DIM-niň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty (MGIMO) 1944-nji ýylda diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredildi. Soňky asyryň dörtden üç böleginiň dowamynda MGIMO halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan dünýäniň öňdebaryjy merkezleriniň birine öwrüldi. Adaty okuw we ylmy gözleg ugurlaryndan başga-da, uniwersitetde döwlet we korporatiw dolandyryş, maglumat we maliýe tehnologiýalary bilen baglanyşykly täze ugurlar hem işjeň ösdürilýär. 25-nji fewralda 16:00-da (Moskwa wagty) daşary ýurtly dalaşgärler üçin onlaýn duşuşyk görnüşinde Açyk gapylar güni geçiriler.

ORIENT

Foto: mgimo.ru

Şeýle hem okaň: