Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar

14.02.2025|18:35|
1068
rasid-meredow-bilen-sergey-lawrow-kitaraplayyn-gatnasyklary-guyclendirmek-barada-ylalasdylar
Surat çeşmesi: mid.ru

14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

ORIENT