Samsung displeýiñ we gorag örtüginiñ täze görnüşini işläp taýýarlaýar
14.02.2025 | 16:40 |Samsung kompaniýasy üç eplenilýän ekranly täze nobatdaky smartfony üçin displeýiñ we gorag örtüginiñ täze görnüşiniñ üstünde işleri alyp barýar. Modeliñ 2025-nji ýylyñ üçünji çärýeginde çykaryljakdygyna garaşylýar.
Bu çözgüt enjamyñ berkligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, Samsung gorag örtüginiñ täze görnüşini işläp taýýarlaýar, ol hem ekrany zaýalanmakdan goramaga ýardam berer.
Ýañy-ýakynda geçirilen Galaxy S25 modeliniñ tanyşdyrylyşynda täze smartfonyñ 6,49 duýmlik daşky displeý hem-de doly planşet görnüşinde açylýan 10 duýmlik içerki ekran bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýdyldy. Huawei Mate XT ýaly beýleki modellerden tapawutlylykda, täze Samsung smartfony G görnüşinde eplenilýän guralyny ulanar. Munuñ özi bolsa displeýe ekranyñ açyk böleklerinden başga, iki tarapdan hem içine eplenmäge mümkinçilik berer.
Önümçilik möçberleriniñ çäklendiriljekdigine hem-de enjamyñ premium görnüşinde boljakdygyna garaşylýar.
ORIENT news