Iň täze habarlar

Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

18.02.2025 | 12:00 |
 Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistandaky Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy 2025-nji ýyl üçin Döwlet talyp hakly magistrlik maksatnamasyna arzalaryñ kabul edilip başlandygyny habar berýär. Seçip alma Koreýa Respublikasynyñ Bilim ministrliginiñ ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan amala aşyrylýar.

Maksatnama bir ýylyñ dowamynda koreý dilini öwrenmek boýunça okuwlary, soñra bolsa aşakdaky esasy okuw maksatnamasyny göz öñünde tutýar:

magistrlyk üçin - 2 ýyl;

doktorlyk üçin - 3 ýyl.

Bäsleşik esasynda 6 dalaşgär saýlanar, olara 14-nji martdan soñ habar ediler. Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: 40 ýaşa çenli (1985-nji ýylyñ 1-nji sentýabryndan soñ doglanlar) Türkmenistanyñ raýatlary arzalary tabşyryp biler:

magistrlik üçin - bakalawr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyñ 31-nji iýulyna çenli aljaklar;

doktorlyk üçin - magistr derejesine eýe bolanlar ýa-da ony 2025-nji ýylyñ 31-nji iýulyna çenli aljaklar.

Resminamalary tabşyrmak möhleti: 2025-nji ýylyñ 7-nji martyna çenli. Arzalar hut Ilçihananyñ özünde kabul edilýär. Dalaşgäriñ özüniñ baryp bilmedik ýagdaýynda, resminamalary poçta arkaly ugratmak mümknçiligi bar (arzalar elektron poçta arkaly kabul edilmeýär).

Goşmaça maglumatlary +99365857173 (09:00-dan 18:00-a çenli) telefon belgileri boýunça alyp bolýar.

Resminamalar bilen Ilçihananyñ saýtynda tanşyp bolýar https://overseas.mofa.go.kr/tm-ru/brd/m_9174/view.do?seq=761149&page=1

Foto: www.unipage.net

Şeýle hem okaň: