Magtymguly adyndaky TDU we “Güneş” žurnaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli bäsleşik geçirýär
18.02.2025 | 11:55 |2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak bäsleşigini geçirýär.
“Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!” atly bäsleşik mekdep okuwçylarynyň döredijilik ukybyny açmaga, olary watansöýüjilik, agzybirlik ruhunda terbiýelemäge hem-de olarda öz Watanyna we türkmen halkyna buýsanç duýgusyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Bäsleşige ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilmedik işler kabul edilýär.
Bäsleşik işiniň ahyrynda awtor özi baradaky maglumatlary, ýagny mekdebini, synpyny, ýaşaýan salgysyny, öý we ykjam telefonlarynyň belgilerini görkezmeli.
Goşgular ýa-da makalalar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli “Güneş” žurnalynyň gunesh_tm@sanly.tm elektron salgysyna ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň turkmenuniwersitetitdu@gmail.com elektron salgysyna ugradylmaly.
Bäsleşigiň netijeleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň saýtynda maý aýynyň birinji ongünlüginde ýerleşdiriler.
Işler maglumatlaryň takyk we aýdyň beýan edilişi, çeperçilik serişdeleriň dogry ulanylyşy, tekstiň grammatiki we stilistiki ýagdaýy, şeýle hem awtoryň öz pikirlerini beýan edişi boýunça bahalandyrylar.
Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar bilen sylaglanar.
ORIENT news