Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady
18.02.2025 | 10:20 |Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlady. Döwlet Baştutany gutlaglarynda diplomatlaryň ýurduň halkara abraýyny berkitmekde hem-de parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.
“Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar” – diýip, döwlet Baştutany belledi.
“Çylşyrymly dünýä şertlerinde döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamy, hormaty has-da artdyrmak, ýakyndan berilýän goldawlary mundan beýläk-de güýçlendirmek, dünýä giňişliginde bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak babatda tutanýerli zähmet çekmelidirler”.
Dünýä ösüşiniň gün tertibinde orun alan ählumumy meseleler boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň ýylsaýyn artýandygyny nygtap, Prezident: “döwletimiziň halkara işleriniň yzygiderli kämilleşmegine, dünýä meselelerine has döredijilikli çemeleşmegine ýardam berýär” diýip belledi.
Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara meseleleriň çözülmeginde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny, bitaraplyk ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmagyny, parahatçylyk dörediji dialogyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegini häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görýär diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şu günki halkara şertlerde derwaýys häsiýete eýe bolan bu ýörelgeleriň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren hem-de XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň möhüm ulgamy bolup biljek Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda hem öz beýanyny tapjakdygyna ynanýaryn diýip, Prezident nygtady.
ORIENT