Türki dünýäsiniň medeni paýtagty maksatnamasy Aktau şäherinde 5-nji aprelde başlaýar
18.02.2025 | 00:05 |Türkmenistanyň Änew şäherinden 2025-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherine türki dünýäsiniň Medeni paýtagty derejesiniň geçirilmegi bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti bu şähere sapar edip, netijeli duşuşyklary geçirdi. Bu barada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa bilen duşuşygynda habar berdi.
«Biz gubernator, şäher häkimi we medeniýet hem-de sungat işgärleri bilen duşuşdyk. Çäreler üçin meýdançalary gözden geçirdik we maksatnama baha berdik. 5-nji aprelde geçiriljek türki dünýäsiniň Medeni paýtagtynyň açylyş dabarasyna giň gerimli gatnaşmagyň bolmagyna garaşýarys. Açylyş dabarasynda Aktau şäherinde 300-den gowrak sungat ussady jemlener. Bu dabara Hazar deňziniň kenaryndaky gadymy teatrlaryň birinde geçirilip, uzak ýyllaryň dowamynda ýatda galar. Açylyş dabarasyndan soň, biz bilelikde Aktau şäheriniň medeni we sungat durmuşyny baýlaşdyrjak birnäçe çäreleri geçireris» – diýip, Sultan Raýew belledi.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary şeýle hem Aktau şäheriniň özboluşly ýer bolandygyny nygtap, şeýle diýdi: «Biz şu wagta çenli yglan eden medeni paýtagtlarymyzyň arasynda Aktau şäheriniň aýratyn ornunyň bardygyny belleýäris. Sebäbi bu, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ilkinji şäherdir. Geografiki taýdan seredilende, ol türki dünýäsiniň merkezi hasaplanýar. Şonuň üçin biz sebitiň ýokary syýahatçylyk mümkinçilikleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we Aktau şäherini bütin dünýä tanyş etmek isleýäris».
Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gadymy Änew şäherinde kinofestiwallar, sergiler, ylmy maslahatlar we ýaşlar forumlary ýaly dürli halkara çäreleri geçirildi. Indi bolsa bu abraýly wezipäni Aktau şäheri kabul edýär. Şol çäkde akynlaryň bäsleşigi, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň simpoziumy, senetçilik festiwaly, taryhy we ylmy maslahatlar ýaly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
ORIENT