Iň täze habarlar

Türkmenistanda Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar geçirilýär

14.02.2025 | 11:00 |
 Türkmenistanda Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar öz işine başlady.

Seminaryñ guramaçylary bolup Bütindünýä gümrük guramasy hem-de Hytaýyň Gümrük hyzmatdaşlygy gaznasy çykyş etdiler.

Çäre haryt jemini 2025-nji ýylyñ 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasyna laýyk getirmekde tehniki kömegi bermäge gönükdirilen.

Seminarda 2022-nji ýylyñ Sazlaşdyrylan ulgamynyñ jemini düşündirmekde we ulanmakda birgörnüşligi üpjün etmek we töleg toparlary boýunça işi döwrebaplaşdyrmak üçin Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy babatda Bütindünýä gümrük guramasynyň gurallaryny hem hödürlener.

Seminary Bütindünýä gümrük guramasynyň iki bilermeni braziliýaly Ýara Nowis hem-de ispaniýaly Alwaro Fernandez alyp barýar.

Seminaryñ maksatnamasy harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň düşündirişiň umumy düzgünleri, Sazlaşdyrylan ulgamyň bölümleriniň gerimi harytlaryň dürli ugurlarda klassifikasiýasy ýaly temalary öz içine alýar.

Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy bu köpmaksatly halkara haryt klassifikasiýa ulgamy bolup, ol halkara söwdada, gümrük işlerinde, ulag-ekspeditorçylyk amallarynda we statistikada klassifikasiýa maksady bilen ulanýar. Sazlaşdyrylan ulgamy Bütindünýä söwda guramasynda daşarky söwda üçin esasy haryt jemi hökmünde ulanýar.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: