Ilon Mask Ýer Şaryndaky iň akylly emeli aňyň işlediljek senesini we wagtyny aýtdy
17.02.2025 | 15:00 |Meşhur amerikaly telekeçi we milliarder Ilon Mask xAI kompaniýasynyň Grok neýroulgamynyň üçünji görnüşiniň işlediljekdigi barada habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, Grok 3 tanyşdyrylyşy 17-nji fewralda ýuwaşumman wagty boýunça sagat 20:00-da geçiriler. Tanyşdyrylyş dabarasy göni ýaýlymda görkeziler. Munuň özi tomaşaçylara täze çat-botyň işleýşini bahalandyrmaga mümkinçilik berer.
Mask eýýäm Grok 3 görnüşini “Ýer Şaryndaky iň akylly emeli aňy” diýip atlandyrdy. Bu hem bilermenleriň we ulanyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
xAI kompaniýasy 2023-nji ýylda esaslandyrylyp, şondan bäri özüniň emeli aň tehnologiýalaryny işjeň ösdürip, ýokary derejeli netijeli we howpsuz çözgütleri döretmäge çalyşýar. Ozal Maskyň Open AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolandygyny bellemeli.
ORIENT