Iň täze habarlar

Duşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütler

02.02.2025 | 21:45 |
 Duşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütler

2024-2025-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüşara möwsümleriniň aralygynda Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň jülgelerindäki suw howdanlarynyň iş tertibi we çäkleri Täjigistanyň Duşanbe şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň (DUSHT) 88-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistandan bu mejlise Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Suw ulanyş müdirliginiň başlygy Ýanow Paşyýew hem-de şol komitetiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Saparmyrat Çaryýew gatnaşdylar.

02022025-mkvk-v-dushanbe (5).jpg

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, AHHG-nyň esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerinden gelip çykýan meseleleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar DUSHT-nyň agzalarynyň we ýerine ýetiriji edaralarynyň Türkmenbaşy şäherinde (2018.ý) we Duşanbe şäherinde (2023.ý) geçirilen sammitlerde beýan edilen teklipleri we başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça eden işlerini belläp geçdiler. DUSHT-nyň agzalary we ýerine ýetiriji edaralary indiki mejlislerde AHHG sammitleriniň netijeleriniň ýerine ýetirilişi barada täze maglumatlary hödürlemelidigi baradaky çözgüde geldiler. Bu mesele boýunça kabul edilen çözgütleriň hataryna 2025-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda Duşenbede geçiriljek Buzluklary gorap saklamak boýunça halkara derejesindäki ýokary derejeli maslahat bilen bagly sebitleýin forumy guramaga DUHST agzalarynyň goldaw bermegi, şeýle hem DUHST-nyň YMM-ne degişli tabşyryklar hem-de AHHG tarapyndan zerur maliýe çeşmelerini çekmek boýunça edilen haýyşlar girýär.

02022025-mkvk-v-dushanbe (1).jpg

DUSHT-nyň mejlisiniň teswirinamasyna laýyklykda, kämilleşdirilen AHHG-nyň guramaçylyk gurluşynyň we täze adynyň – «Aral deňiziň jülgesindäki ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Guramasy» – teklip edilen görnüşi boýunça AHHG-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň talabyna 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli resmi jogap ibermek barada çözgüt kabul edildi. DUSHT-nyň nobatdaky 89-njy mejlisi 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ikinji on günlüginde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

ORIENT

Foto: icwc-aral.uz

Şeýle hem okaň: