Iň täze habarlar

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna uly möçberde pul baýragy gowşuryldy

02.02.2025 | 23:25 |
 “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna uly möçberde pul baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gaznanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 17 müň ýewro (her birine bir müň ýewrodan) möçberinde pul baýragyny bermek baradaky kararyny tassyklady.

...Döredilen ýyllaryndan bäri meşhur at üstündäki oýunlar topary, dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda çykyş edip, hemişe ýokary ussatlyk görkezip, iň ýokary orunlary eýeledi.

Toparyň iň soňky ýeňişli çykyşy sanlyja gün mundan ozal Monakonyň paýtagty Monte Karloda bolup geçdi. Ýagny 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” abraýly baýraklara eýe boldy.

1-nji fewralda Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýeňşi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: