Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň esaslandyrylmagynyň 33 ýyllygyny belleýär

28.01.2025 | 16:35 |
 Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň esaslandyrylmagynyň 33 ýyllygyny belleýär

27-nji ýanwar güni Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Işler Döwlet Banky esaslandyrylmagynyň 33 ýyllygyny belläp geçýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bank ýurdumyzy halkara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermekde we telekeçilik işleriniň ösmegine ýardam etmekde möhüm orun eýeledi.

Bank döredilen gününden başlap, maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak we müşderiler üçin hyzmatlaryň gerimini giňeltmek ugrunda işjeňlik görkezdi. Şeýle-de, ykdysadyýeti ösdürmäge hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde esasy orny eýeleýär.

Beýik Britaniýanyň abraýly «Financial Times» neşiriniň «The Banker» žurnaly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyny 15-nji gezek «Iň gowy bank» diýlip yglan etdi.

ORIENT News

Foto: tfeb.gov.tm

Şeýle hem okaň: