Daşkentde Türki döwletleriň halkara uniwersiteti açylar
29.01.2025 | 09:40 |Daşkentde sebitiň bilim infrastrukturasynyň ösmeginde möhüm ädim boljak Türki döwletleriň halkara uniwersiteti açylar.
Täze ýokary okuw mekdebi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kararyna laýyklykda döredilip, 2025-2026-njy okuw ýylynda öz işine başlar. Uniwersitetiň esasy maksady ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda inženerçilik, gurluşyk, logistika, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, oba hojalygy we azyk senagaty üçin ýokary taýýarlykly işgärleri taýynlamakdan ybarat.
Okuw işi halkara sanawlaryň iň gowy 1000 girýän Türkiýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda gurnalar. Okuw tölegli-şertnama esasynda amala aşyrylar, kabul etmegiň we şertnamanyň şertleri ýokary okuw mekdebi tarapyndan kesgitleniler. Uniwersiteti netijeli dolandyrmak üçin dolandyryş geňeşi döredilip, ol ýokary okuw mekdebiniň işini utgaşdyrar hem-de daşary ýurtly bilim we ylym edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar.
ORIENT news