Iň täze habarlar

Türkmenistanda “Göreldeli gümrük işgäri” hem-de “Ýylyň gümrük nokady” bäsleşikleriň jemleri jemlendi

29.01.2025 | 09:25 |
 Türkmenistanda “Göreldeli gümrük işgäri” hem-de “Ýylyň gümrük nokady” bäsleşikleriň jemleri jemlendi

Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Farap awtoýollary” gümrük nokady 2024-nji ýylyň “Ýylyň gümrük nokady” diýlip yglan edildi. Bu gümrük nokady 2024-nji ýylyň dowamynda aýratyn ýokary görkezijileri, şeýle-de gümrük nokadynyň talabalaýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde birinjiligi eýeledi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilşi ýaly, “Göreldeli gümrük işgäri” bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edildi.

Ýylyň iň göreldeli gümrük işgäri saýlanylyp alynanda, gulluk we zähmet tertibiniň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň umumy derejesi, gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmeginde ýokary görkezijileri hasaba alyndy. Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: