Türkmenistan we Owganystan TАП-500 elektrik geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar
29.01.2025 | 13:55 |Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Abdul Latif Mansur iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi we Türkmenistan-Owganystan 500 kW-lyk elektrik geçirijisiniň gurulmagynyň ähmiýetini belledi.
Ol halkara energetika köprüsi TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) ähmiýetine ünsi çekip, Owganystanyň bu taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlygyny mälim etdi. Şeýle hem, beýleki tehniki meseleleriň hem ýakyn wagtda utgaşdyryjy we tehniki ýygnaklar arkaly çözülmegine garaşýandygyny aýtdy.
Öz gezeginde, Myrat Artykow Türkmenistanyň TOP-500 taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýarlygyny belläp, taslamanyň ilerledilmegi üçin ýol kartasynyň taýýarlanandygyny we tassyklanylandan soň, amaly ädimleriň ediljekdigini habar berdi.
Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde Owganystanda TOP taslamasynyň sekretariatynyň döredilmegi barada ylalaşyga gelindi. Taraplar, taslamany mundan beýläk hem maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň, Owganystanyň we Päkistanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn gepleşikleri guramak hakynda hem ylalaşdylar.
Türkmenistan bilen Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy, Owganystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Kabulda guralan üçtaraplaýyn maslahatyndan soň geçirildi. Maslahata Owganystan, Türkmenistan we Çalik türk holding toparynyň wekilleri gatnaşdy.
ORIENT news