Hytaýyň Yangwang U9 elektrik giperkar awtoulagy päsgelçiliklerden böküp geçmek başarnygyny görkezdi
29.01.2025 | 15:15 |Hytaýyň BYD awtoulag kompaniýasy elektrik Yangwang U9 giperkar modelini hödürledi. Bu ulag, aktiw asma şaý-seplerine sebäpli, ýoldaky ownuk päsgelçilikleriň, hususan-da, ýollardaky çukurlaryň üstünden böküp geçmek ukybyna eýedir.
Mahabat wideosynda Yangwang U9-yň geçigaplaň ýaly hereket edip, sagatda 120 km tizlikde 2,5 metr töweregi çukuryň üstünden böküp geçýändigi görkezilýär. Emma entek bu tehnologiýa bilen baglanyşykly soraglar köpdür.
Yangwang U9-yň häsiýetnamalary haýran galdyrýar: onuň hereketlendirijisiniň güýji 1287 at güýjüne deň bolup, 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,36 sekuntda ýetýär. Noýabr aýynda bu ulag Germaniýadaky Nýurburgring aýlawynda rekord goýdy. Bu awtoulagyň has uly nusgasy bolsa bir sagatlap suw üstünde ýüzüp bilýär.
Bu täsin awtoulag tehnikasyny satyn aljak isleg bildirýänler 236 000 dollar tölemäge taýyn bolmaly.
ORIENT news