TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we buýan köküniň gury ekstrakty satyn alyndy
30.01.2025 | 09:00 |29-njy ýanwarda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden olar buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 31 700 000 manada barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news