Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
29.01.2025 | 14:55 |Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň we yzygiderli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigini we täze ugurlary öz içine alýandygyny nygtady.
Halkara derejesinde biziň ýurtlarymyz möhüm ählumumy meseleler boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olaryň hatarynda umumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologik meseleleri, şol sanda suw serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ýaly möhüm ugurlar bar.
Söhbetdeşligiň dowamynda hökümet, diplomatik we pudaklaýyn dolandyryş edaralar derejesinde yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
ORIENT news