Samsung ganyň süýji derejesini ölçemek üçin innowasion tehnologiýany işläp taýýarlady
29.01.2025 | 14:35 |Samsung kompaniýasy inwaziw däl, üznüksiz glýukoza monitoring ulgamy (ÜGM) bilen tanyşdyrdy. Bu açyş, göteriji elektronikada "mukaddes Graal" hasaplanýan çözgüt bolup, dünýäde süýji keseline garşy göreşmekde uly ähmiýete eýe bolup biler diýip, bu barada Forbes neşiri habar berýär.
Doktor Pak, kompaniýanyň süýji keseliniň irki alamatlaryny çaklamaga mümkinçilik berýän algoritmi hem-de inwaziw däl glýukoza monitoring tehnologiýasyny ösdürýändigini belledi. Şeýle hem bu tehnologiýa ÜGM ulgamy bilen utgaşdyrylan iýmitlenmek boýunça maslahatlary öz içine alýar.
Bar bolan Lingo we Dexcom ýaly ÜGM ulgamlary deriniň aşagyna sensory girizmegi talap edýär. Emma Samsung-yň işläp düzen tehnologiýasy optiki usuly ulanýar, bu bolsa ulanyjylara has amatly we elýeterli bolýar.
Doktor Pak täze ÜGM-niň göteriji elektronika bazarynda "GameChanger" boljakdygyny aýtdy we taslamanyň tiz wagtda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.
Käbir hünärmenleriň pikiriçe, bu täze tehnologiýa eýýäm şu ýyl Galaxy Watch 8-iň düzüminde (awgust 2025) hödürlenip biler. Ýöne onuň Galaxy Watch 9 bilen hem çykarylmagy ähtimal.
ORIENT news