Türkmenistan we ABŞ bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
30.01.2025 | 09:44 |Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň ABŞ-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan bilim ulgamy boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri barada maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem iki ýurduň okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalşygy giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belläp geçdiler.
Türkmen tarapy BMG-niň kararnamalarynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna gabat gelýän hem-de“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlen şygar bilen geçýän 2025-nji ýylyň aýratyn ähmiýeti barada nygtady.
ABŞ-niň ilçisi, öz gezeginde, bilim ulgamy boýunça başlangyçlary goldamaga taýýardygyny beýan edip, döwrebap okuw usulyýetlerini ornaşdyrmaga, iňlis dilini ösdürmäge hem-de talyplar we mugallymlar üçin täze müminçilikleri döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň wajyplygyny belledi.
Taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Bu hem adam maýasynyň ösmegine hem-de iki ýurduň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.
ORIENT news