Fitch Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna “B” derejesini berdi; Çaklamalar – Durnukly
29.01.2025 | 14:05 |Halkara reýting agentligi Fitch Ratings Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna (DÄG) ätiýaçlandyryjynyň maliýe durnuklylygy (IFS) we emitentiň uzak möhletleýin defolty (IDR) boýunça «B» reýting derejesi berildi. Reýtingler boýunça çaklamalar – durnukly.
Bu maglumat 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Fitch Ratings tarapyndan berlen reýting hasabatynyň teswirinde beýan edilýär.
Fitch reýtinglere täsir edýän esasy ugurlaryň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň döwlet eýeçiliginde bolmagy, döwlet tarapyndan goldanylmagy, onuň Türkmenistanyň iň iri ätiýaçlandyryş kompaniýasy hökmünde öňdebaryjy ornuny saklamagy, şeýle-de ýokary derejeli ätiýaçlandyryş netijeliligi we durnukly maliýe görkezijileridigini belleýär.
ORIENT news