Özbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär
29.01.2025 | 14:02 |27-nji ýanwarda geçirilen maslahatda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl ykdysadyýet» Ýylynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny gözden geçirdi. Täze maksatnama boýunça «ýaşyl» energiýanyň paýyny ýylyň ahyryna çenli 26%-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Maksatnama jemgyýetçilik teklipleri esasynda taýýarlanyldy: 11 milliondan gowrak raýat resminama bilen tanyşdy we 100-den gowrak başlangyç onuň soňky görnüşine girizildi. BMG we beýleki halkara guramalar maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdiler.
Soňky üç ýylyň dowamynda Özbegistan «ýaşyl» energetikanyň ösmeginde uly üstünlik gazandy: jemi kuwwaty 3,5 GW bolan 16 iri gün we ýel elektrik beketleri ulanylyşa girizildi, 35 sany kiçi gidroelektrik beketleri guruldy. Gün panelleri ornaşdyrylan öýleriň sany 60 müňden geçdi, ýyllyk bag ekmek çäreleri bolsa «Ýaşyl makon» maksatnamasynyň bir bölegine öwrüldi.
ORIENT news