Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

29.01.2025 | 15:10 |
 Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler.

Kabul edişlik sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly, 150 salgysy boýunça geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 39-19-20

+993 12 39-19-21

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: