Mejbury gonma: ýolagçy lukmanlar Grenlandiýanyň asmanynda çaga dünýä inmegine kömek etdiler
29.01.2025 | 17:10 |«Uzbekistan Airways» kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Daşkent (TAS) — Nýu-Ýork (JFK) ugry boýunça uçuş wagtynda ýolagçylaryň biri çaga dogurmaga başlady. Bu adatdan daşary ýagdaýy göz öňünde tutup, ekipaž habar beriş ulgamy arkaly uçardaky ýolagçylara ýüzlenýär we lukmanlaryň kömege gelmegini haýyş edýär. Şol pursatda uçarda bolan akuşer-lukman we hirurg göwreli zenana kömek edip, oglanjygyň dünýä inmegine kömek edýärler.
Şol wagt uçaryň Grenlandiýanyň üstünden geçýän pursadynda ekipaž howpsuzlyk çärelerini göz öňünde tutup, uçaryň ýakyn ätiýaçlyk howa menziliniň biri bolan Islandiýanyň Reýkýawik-Keflawik (KEF) howa menziline gondurylmagyna karara gelýär. Uçar ýer ýüzüne düşenden soň, lukmanlar uçara galyp, enä we täze dünýä inen bäbege zerur lukmançylyk kömegini berdiler. Olar ýerli hassahana ýerleşdirildi.
ORIENT