Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar: «Türkmenfilm» täze çeper filmi surata düşürip başlady
29.01.2025 | 17:00 |Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan doly göwrümli çeper filmiň düşürilişi başlandy. “Gyz kasamy” atly kinolentanyň režissýory Sahysalyh Baýramow bolup, filmiň ssenariýasynyň awtorlary Akmyrat Rejepow we Bazarkul Şalyýewdir. Kinonyň döremegine Şalyýewiň adybir ýazylan poemasy ylham berdi. Türkmen kinematograflarynyň täze işi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmen esgerleriniň gahrymançylygyna, ýeňşe bolan berk ynamyna, olaryň eneleriniň, aýallarynyň we uýalarynyň wepalylygyna bagyşlanýar.
Film bolup geçen wakalara esaslanyp, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy Haýyrgül Hudaýberdiýewanyň durmuşyny beýan edýär. Onuň ömrüniň esasynda esasy gahryman – Arzygül döredildi. Kinoda onuň uruşdan öňki ýyllardan başlap soňky günlerine çenli ömrüniň taryhy açylyp görkezilýär. Bu film türkmen gyzlarynyň sadalygyny, zähmetsöýerligini, wadasyna wepalydygyny we maşgala mukaddesliklerine bolan hormatyny açyp görkezýär.
Uruş başlananda, Arzygüliň agasy ilkinji bolup fronta gidýär. Gyz özüne agasy uruşdan dolanyp gelýänçä, durmuşa çykmajakdygyny wada berýär Maşgalada ata, ene we kiçi dogany bilen galan Arzygül, urşy tiz tamamlamak üçin tutanýerli zähmet çekýär. Arzygül hiç bir işden gaça durman, erkekler bilen deň zähmet çekýär.
Arzygüliň maşgalasynda gussaly wakalar bolup geçýär – ilki kakasy, soň ejesi dünýäden ötýär. Şeýdip, ol kiçi oglan dogany bilen ýetim galýar. Agyr günler başlasa-da, Arzygül ruhdan düşmän, kiçi oglan doganyny gorap, zähmet çekýär. Wagtyň geçmegi bilen, öýlerine gudaçylyga gelip ugrayarlar, garyndaşlary Arzygüli durmuşa çykarjak bolýarlar. Ýöne Arzygül beren sözüne berk durup, hiç birine razy bolmaýar. Soňra oglan dogany öýlenýär, ogly bolýar. Oňa fronta giden agasynyň adyny dakmakçy bolýar, emma Arzygül muňa garşy çykyp: «Meniň doganym hökman dolanyp geler» diýip aýdýar. Hatda garrylyk ýyllarynda hem ol doganynyň suratyny ýanyndan aýyrman, onuň bilen kalbynda söhbetdeş bolup gezýär. Arzygül ömrüniň ahyryna çenli wadasyny bozman, doganyna garaşýar.
“Gyz kasamy” filminiň döredijilik topary bu täsirli taryhyň tomaşaçylaryň ýüregine ýakyn boljakdygyna ynanýarlar. Filmiň esasy mowzugy, Sahysalyh Baýramowyň Beýik Watançylyk urşunda we tylda zähmet çeken adamlara bagyşlanan öňki eserleri bilen sazlaşýar. Onuň «Gyzyl kürte» we «Daragt» atly filmleri halkara kinofestiwallarda görkezilip, dürli baýraklara mynasyp bolupdy.
Şeýle hem okap bilersiňiz:
На площадке Минского кинофестиваля состоялся показ туркменского фильма «Дарагт»
Туркменский кинорежиссёр Сахысалых Байрамов получил специальную награду ТЮРКСОЙ
Долгий роман с «Туркменфильм» - кинорежиссер Салих Байрамов готовит премьеру новой картины
ORIENT