Iň täze habarlar

Brýusselde “Türkmenistanyň genji-hazynasy” atly medeni agşam geçirildi

29.01.2025 | 15:07 |
 Brýusselde “Türkmenistanyň genji-hazynasy” atly medeni agşam geçirildi

Brýusselde ýerleşýän Türkmenistanyň Ilçihanasynda “Türkmenistanyň genji-hazynasy” atly medeni agşam geçirildi. Bu çäre Civilisations: Winter Edition atly sungat ýarmarkasynyň çäginde guralan türkmen sungaty sergisiniň mynasyp dowamy boldy.

29012025-treasures-of-turkmenistan (1).JPG

Çäre diplomatlary, sungatyň muşdaklaryny, kolleksiýonerleri hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşmak isleýän beýleki myhmanlary bir ýere jemledi.

29012025-treasures-of-turkmenistan (2).JPG

Agşam dowamynda eýýäm MUSE galereýasynyň meýdançasynda uly gyzyklanma döreden halylar, şaý-sepler we dokma önümleri ýaly däp bolan sungat eserleriniň sergisi guraldy. Ilçihanadaky sergi bolsa myhmanlara türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny çuňňur duýmaga mümkinçilik berýän her bir elementiň nyşany we manysy barada gürrüň berilmegi bilen has-da täsirli boldy.

29012025-treasures-of-turkmenistan (4).JPG

“European Central Asian Creative Alliance”-niň direktory Ýelena Haritonowa hyzmatdaşlyga mümkinçilik döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň medeni mirasyny halkara derejede wagyz etýän şeýle çäreleri guramak üçin bilelikde işlemegiň ähmiýetini belledi.

29012025-treasures-of-turkmenistan (15).JPG

Çärede “Keşde” döredijilik studiýasynyň ýolbaşçysy Şeker Akynyýazowanyň prezentasiýasy aýratyn ünsi çekdi. Ol türkmen amaly-haşam sungatynyň taryhy, özboluşly usullary we aýratynlyklary bilen myhmanlary tanyşdyrdy. Prezentasiýa senetçilik bilen medeni däp-dessurlaryň arasyndaky çuňňur baglanyşygy görkezdi.

29012025-treasures-of-turkmenistan (5).JPG

Ilçi Sapar Pälwanow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendiginiň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Ol medeni çäreleriň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde möhüm ornunyň bardygyny, şeýle hem parahatçylyk başlangyçlaryny ilerletmegiň guraly bolup hyzmat edýändigini nygtady.

29012025-treasures-of-turkmenistan (6).JPG

“Bu sergi – Türkmenistan üçin medeniýet ulgamynda möhüm ädimdir. Biz ilkinji gezek medeni we taryhy mirasymyzy şeýle abraýly ýerde hödürleýäris we bu biziň üçin ajaýyp tejribe boldy. Şeýle başlangyçlar arkaly biz medeni köprüleri gurýarys, bu bolsa parahatçylygy we ynanyşmagy berkitýär. Türkmen medeniýeti örän çuňňur we biz her gezek şeýle çäreler arkaly ony gaýtadan açýarys” diýip, ilçi belledi.

29012025-treasures-of-turkmenistan (7).JPG

Medeni agşam türkmen milli tagamlarynyň dadyp görülmegi bilen tamamlandy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenip, hemmelere diňe bir sungat bilen däl-de, eýsem, Türkmenistanyň milli aşpezçilik däpleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

29012025-treasures-of-turkmenistan (13).JPG

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy milli medeniýeti halkara derejesinde wagyz etmegi dowam etdirýär. Şeýle başlangyçlar aýratyn-da, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde ähmiýetine laýyklykda medeniýetara dialogyň ösdürilmegine goşant goşýar.

29012025-treasures-of-turkmenistan (14).JPG

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjin edildi

Şeýle hem okaň: