Astrahanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
28.01.2025 | 10:45 |2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu çärä konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda okaýan Türkmenistanyň raýatlary bolan talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynda “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyň mazmuny, edebi mirasyň beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreleri we beýik akyldar şahyryň ömür-döredijiligi hem-de 2024-nji ýylyň dowamynda edilen işler we ýetilen sepgitler barada çykyşlar edildi.
Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär.
Çäräniň dowamynda täze kitapdan çeper okaýyşlar guraldy.
ORIENT news