Dünýä Akbäbek Taganowanyň gözleri bilen: telekeçi-zenan öz syýahatlary barada gürrüň berip, öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlaryny berdi
28.01.2025 | 11:30 |ORIENT habarçysy üstünlikli türkmen telekeçi-zenan hem-de höwesjeň syýahatçy Akbäbek Taganowa bilen söhbetdeş boldy. Bütün durmuşynyň dowamynda ol 100 ýurda baryp görüp, işewürligini täze gözýetimleri açmak bilen utgaşdyrýar. Söhbetdeşligiň dowamynda Akbäbek öz ruhlandyrjy tejribesi barada aýtmak bilen, syýahatlarynyň has gyzykly pursatlary, peýdaly durmuş usullary we öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlary bilen paýlaşdy.
Dünýäni açmak ýoluny Akbäbek hyzmatdaşlyk wagtynda Daşkente ýönekeý syýahat bilen başlady. “Bu meniň iň uly hyjuwym boljakdygyny hiç kim pikir etmedi” – diýip belleýär. Şu gün onuň arkasynda eýýäm 100 ýurda syýahatlary bar, olaryň her birisi ýatdan çykmajak duýgylary peşgeş berdi. “Hut, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan eden 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bu sana ýetendigim örän alamatlydyr. Syýahatlar hormat goýmagy, açyklygy we bu dünýäniň köpdürliligini kabul etmekligi öwredýär. Bu medeniýetlere düşünmegiň we olaryň ýakynlaşmagynyň iň gowy serişdesidir” – diýip aýdýar.
Alys ýurtlara syýahat edip, hem ýakymly, hem garaşylmadyk pursatlara taýyn bolmalydyr. Akbäbek bu barada hem öz söhbetdeşliginde paýlaşdy. Köpsanly wakalaryň arasynda onuň Angoladaky başdan geçirenleri iň ýatdan çykmajaklarynyň biri boldy. Aragatnaşygyň ýoklugy, kyn ulag ulgamy we dil päsgelçilikleri bu syýahaty hakyky synaga öwürip bilerdi. Emma ýerli halkyň myhmansöýerligi we kömek etmäge taýýarlyklary ony iň gyzykly ýatlamalaryň birine öwürdi. Somali syýahatyny bolsa Akbäbek iň adatdan daşary diýip atlandyrdy.
Syýahatyň üýtgeşik ugurlaryny gözleýänler üçin hem Akbäbek öz maslahatlary bilen paýlaşdy:
- Mozambikdäki Bazaruto adalygy – bu kenar dynç alşyny we daýwingi gowy görýänler üçin hakyky jennetdir.
Işini we ýygy syýahatlaryny nädip ugtaşdyrmagy başarýandygy barada soralanda, Akbäbek şeýle jogap berdi:
- Men öz kärhanamy uzak aralykdan dolandyryşa geçirdim. Meniň toparym agzybir işleýär, bu hem maňa işewürligi we syýahatlara bolan höwesimi sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýär. Bu maňa hünär işim bilen şahsy gyzyklanmalarymyň arasynda deňagramlykygy tapmaga mümkinçilik berýär. Syýahatçy-zenan ýaňy bir dünýäni açmaga başlaýan syýahatçylara hem öz maslahatlaryny berdi:
- Ýaşaýyş we awiabiletleri gözläp tapmak üçin öňünden gerekli gollanmalary taýýarlaň. Ýurduň dilindäki ýönekeý sözlerini öwreniň. Wiza talaplaryny we giriş şertlerini barlap duruň.
Iň gerekli zatlaryň bäşlik sanawy boýunça, ol hemişe ýany bilen telefonuny, pauerbankyny, telefon we salgylar depderçesini, arassaçylyk serişdelerini we witaminlerini alýar.
Uzak möhletli syýahatlary meýilleşdirýänler üçin, Akbäbek öz maliýe mümkinçiliklerini we saglyk ýagdaýyny jikme-jik barlamagyny, şeýle-de öňünden elýeterli ýaşaýyş we ulag görnüşlerini tapmagy maslahat berýär.
Akbäbek Taganowa NomadMania Ählumumy syýhatçylar bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti üçin ilçisi wezipesi barada hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, syýahatlar bu diňe bir özüň üçin dünýäni açmak däldir, eýsem Merkezi Aziýa ýaly ajaýyp sebitlere ünsi çekmek üçin mümkinçilik bolup durýar.
- Şu ýyl Aşgabatda ilkinji gezek NomadMania gatnaşyjylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu çäräniň sebitde syýahatçylygy ösdürmäge we biziň baý medeniýetimize ünsi çekmäge ýardam etjekdigine men ynanýaryn – diýip, ol aýratyn belledi.
Ähli gazananlarynyň arasynda Akbäbek esasy maksady diýip – dünýäniň her bir ýurduna baryp görmek diýip aýtdy: “Syýahatlar başga halklaryň medeniýetine hormat goýmagy, başarnykly bolmagy we her bir pursatyň gadryny bilmegi öwretýär. Dünýä – bu biziň umumy öýümizdir, men hem başgalary syýahat etmäge ruhlandyrmak isleýärin”.
Akbäbek Taganowanyň durmuş hekaýasy – bu syýahatlara bolan söýginiň işe we şahsy maksatlara päsgel bermän, durmuşyň bir bölegine öwrülip bilýänliginiň mysalydyr. Onuň tejribesi dünýämizi has giň görmäge we medeniýetleriň arasynda ynanyşmak köprileri gurmaga ruhlandyrýar.
Şeýle-de okaň: Aşgabatda “NomadMania” Ählumumy syýahatçylar bileleşiginiň ilkinji duşuşygy geçiriler.
ORIENT News