Iň täze habarlar

CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hyzmat ediş üçin gysyjynyň rotor gurnamasyny yzyna gaýtarmak boýunça bäsleşik yglan edýär

28.01.2025 | 09:45 |
 CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hyzmat ediş üçin gysyjynyň rotor gurnamasyny yzyna gaýtarmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistandaky Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz korporasiýasynyň şahamçasy Gazy gaýtadan işleýän zawod-2 giňeldiji gysyjysynyň rotor gurnamasyny Türkmenistandaky Korporasiýanyň şahamçasynyň tehniki üpjünçiligini geçirmek üçin taýýarlaýjysynyň zawodyna yzyna gaýtarmak barada №CIT-24127-SR bäsleşik boýunça taýýarlykdan öňki işi barada yglan edýär.

Bu bäsleşige gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakdaky resminamalary hödürläp, bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşyryp bilýär:

Bäsleşige gatnaşmak barada arza;

Esasy iş/işewürlik görnüşi, kompaniýanyň doly adynyň we hukuk derejesiniň, gurluşynyň we guramanyň görkezilmegi bilen kompaniýa barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň ýerli hasaba alnyş we ygtyýarnama şahadatnamasy barada maglumat;

Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy, şeýle hem soňky 3 ýylyň tassyklanan we sertifisirlenen maliýe hasabatlary;

Soňky bäş ýylyň içinde nebitgaz pudagynda enjamlary yzyna gaýtarmak we tehniki üpjünçiligi boýunça iki sany meňzeş taslamasynyň geçirilendigi barada maglumat;

Taýýarlykdan öňki işi geçip, bäsleşik işine gatnaşan ýagdaýynda, kompaniýanyň adyndan bank kepilliklerini hödürlemäge taýýardygy baradaky resmi hat;

Hukuk wekili ýa-da ygtyýarly wekil tarapyndan gol çekilen hem-de resmi möhür bilen tassyklanan borçanama haty, ygtyýarnamanyň möhletiniň duruzulmandygy ýa-da onuň yzyna gaýtarylmandygy, ýatyryş amallaryny geçmedigini, batan ýa-da şertnamany ýerine ýetirmek üçin başga taýdan ukypsyz diýip yglan edilmedigi barada tassyklama;

Bu enjamyň (Gazy gaýtadan işleýän zawod-2 giňeldiji gysyjysynyň rotor gurnamasyny) öndürijisi bolan Atlas Copco (Germaniýa) bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk;

Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň şahadatnamasy.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň taýýarlykdan öňki resminamalary kitap jiltlemesinde, pugta ýapylan bukjada, möhür bilen tassyklanan görnüşinde hem-de ugrukdyryjy haty bilen bile bolmaly (2 sany nusgada, resminamanyň doly möçberindäki skanirlenen görnüşi hökmäny ýagdaýda salynan bolmaly). Bukjada barmaly salgysy, ugradyjynyň ady, bäsleşigiň san belgisi we ady görkezilmeli.

Arzalaryň soňky kabul ediş senesi bildirişiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilenden soňra 10 (on) senenama gününiň dowamy. Bellenen möhletden soň gelen taýýarlykdan öňki resminamalar kabul edilmeýär.

Gatnaşmak baradaky maglumatlary anyklamak we taýýarlykdan öňki resminamalary tabşyrmak işi aşakdaky salgy boýunça amala aşyrylýar:

Habarlaşmak üçin: Narine Simonýan

Telefon: +99312 44-54-34

Faks: +99312 44-50-44.

Salgy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.

ORIENT news

Foto: oilgas.gov.tm

Şeýle hem okaň: