Bütin dünýäde Hytaýyň Täze ýyly mynasybetli çäreler geçirilýär
28.01.2025 | 14:35 |Bahar baýramy ady bilen belli Hytaýyň Täze ýyly dünýäde möhüm we giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar.
Şu ýyl baýramçylyk 29-njy ýanwarda başlap, 16-njy fewrala çenli dowam eder. Baýramçylyk çäreleri 100-den gowrak ýurtlarda we sebitlerde, şol sanda Malaýziýada, Keniýada, Birleşen Arap Emirliklerinde we Bolgariýada geçirilýär. Nýu-Ýork, London we Sidneý ýaly iri şäherlerde uly dabaraly ýörişler we medeni çäreler geçirilip, olarda ýerli bileleşikler baýramy bellemek üçin jemlenişýärler. Mysal üçin, Moskwada açyk howada çykyşlardan, aždarhalaryň we ýolbarslaryň tanslaryndan, şeýle hem hatdatlyk we däp oýunlar boýunça ussatlyk sapaklaryndan ybarat festiwallar meýilleşdirilen.
Hytaýyň Täze ýyly täzelenişi, agzybirligi we täze ýylda üstünlige bolan umydy alamatlandyrýar, bu hem baýramçylygy tutuş dünýädäki hytaý jemgyýetleri üçin möhüm waka öwürýär. Baýramçylygyň bellenilmegi köpsanly däp-dessurlary öz içine alýar – feýerwerkleriň goýberilmegi, maşgala agşamlyk naharlary we sowgatlaryň berilmegi. Baýramçylyk hytaý halky we bu medeniýete girişmek isleýänler üçin möhüm waka bolup durýar.
ORIENT news