Iň täze habarlar

XII synp üçin «Fransuz dili» okuw kitaby neşir edildi

28.01.2025 | 14:15 |
 XII synp üçin «Fransuz dili» okuw kitaby neşir edildi

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin neşir edilen “Fransuz dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: T. Atdaýewa, M. Amanowa, G. Amanowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, “Meniň maşgalam”, “Meniň gündelik durmuşym”, “Men we jemgyýet”, “Meniň Watanym”, “Men we tebigat”, “Men we medeniýet”, “Syýahat” ýaly bölümleri öz içine alýar.

Okuw kitabynda okuwçylaryň öwrenýän diliniň ýurdy, däp-dessurlary, medeniýeti, bilim ulgamy, iki ýurduň ykdysady ösüşi, şeýle-de ekologiýasy we medeni mirasy barada gyzykly okuw maglumatlary berilýär. Özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly reňkli suratlaryň hem ýerleşdirilmegi kitabyň bezeg işiniň gymmatyny artdyrýar.

Bu okuw kitaby okuwçylarda fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder.

ORIENT News

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: