TDHÇMB-da söwdalaşyklar: jins matasy, “BND 60/90” kysymly ýol bitumy hem-de “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy
28.01.2025 | 09:04 |27-nji ýanwarda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen jins matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly ýol bitumy hem-de “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 31 000 000 manada we 725 422,97 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news