Iň täze habarlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

24.01.2025 | 10:45 |
 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, itellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy. Okuw 13-21-nji ýanwar aralygynda gecirildi.

Okuwyň dowamynda «Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa we Zakawkazýe döwletleri babatdaky daşary syýasaty», «Halkara jemgyýetinde kanunyň hökmürowanlygy», «Ýaponiýanyň administratiw kazyýet ulgamyna syn», «Ýaponiýada hukuk we adalat ulgamy we hukuk bilimi» we «Kanuny hyzmatdaşlygyň üsti bilen kanunyň özboluşlylygyny gazanmak» atly temalarda ýokary bilimli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda umumy sapaklar geçirildi.

Bu okuwyň maksady – gatnaşyjylary Ýaponiýanyň hukuk we bilim ulgamy, medeniýeti, sungaty, taryhy ýerleri, millilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Gysga möhletli okuwa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly döwletlerden hukuk ugrundan bilim alýan talyplar, magistrler we hukuk işgärleri hem gatnaşdylar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: