Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işleri dowam edýär.
04.02.2025 | 22:05 |Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri 30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisini geçirdiler. Duşuşygyň çäklerinde, 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşme duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy tanyşdyryldy.
Mejlisiň dowamynda, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2027-nji ýyla çenli hereket etjek Ýol kartasynda göz öňünde tutulan we şu ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy boýunça pikir alşyldy.
Taraplar, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygyna taýýarlyk görmek we meýilleşdirilen ähli çäreleri üstünlikli geçirmegi üpjün etmek maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.
ORIENT