Türkmenistan we Katar migrasiýa babatda hyzmatdaşlygy ösdürýär
05.02.2025 | 15:10 |2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Doha şäherinde iş saparynda boldy.
Edaranyň saýtynda habar berilşi ýaly, saparyň maksady – syýahatçylyk we migrasiýa babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan hem-de bu ugurlarda gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Kataryň degişli pudaklaýyn edaralary bilen duşuşyklary geçirdiler. Taraplar Türkmenistanyň we Kataryň migrasiýa babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp, bu ugurda alnyp barylýan işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
ORIENT news