Russiýanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň ministrleri Raşt-Astara şahasy boýunça duşuşyk geçirerler
04.02.2025 | 22:45 |Russiýanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň DIM-niň, Ulag ministrliginiň, Energetika ministrliginiň we Gümrük gullugynyň ýolbaşçylary ýakyn wagtda, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Raşt – Astara demir ýol şahasynyň gurluşygynyň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşarlar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere mälim etdi diýip, TASS habar berýär.
Ilçi bu taslamany durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyga 2025-nji ýylyň martyna çenli gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Russiýa bilen Eýran Raşt – Astara ugruny bilelikde gurmak barada ylalaşyk baglaşdy. Taslamany durmuşa geçirmek üçin Moskwa Tährana hökümetara €1,3 milliard möçberinde karz berýär, gurluşygyň umumy bahasy bolsa €1,6 milliarda deňdir. Raşt – Astara ugrunyň gurluşygyna Moskwanyň we Tähranyň gatnaşmagynda, Astara (Eýranyň şäheri) – Astara (Azerbaýjanyň şäheri) ugrunyň bolsa Moskwanyň, Tähranyň we Bakuwyň gatnaşmagynda gurulmagyna garaşylýar.
2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran tarapyndan uzunlygy 7200 km Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesini döretmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekildi. Wagty geçmegi bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň sany 14-e ýetdi. Russiýa bilen Eýran Demirgazyk – Günorta geçelgesiniň Sues kanalyny geçelgesiniň alternatiwina öwürler we Ýewraziýa ýük daşamagyň wagtyny azaldar diýip garaşýarlar. Geçelgäniň günbatar gury şahasy Azerbaýjanyň, gündogar ugry – Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden, suw üsti ugry bolsa Hazar deňziniň üstünden geçýär.
ORIENT