The Beatles we The Rolling Stones "Grammy" baýragyna mynasyp boldular
04.02.2025 | 20:30 |2-nji fewraldan 3-nji fewrala geçilýän gije Los-Anjelesde «Grammy Awards 2025» baýragynyň gowşurylyşynyň 67-nji dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu dabarada Milli ses ýazmak sungaty we ylymlar akademiýasynyň agzalary ýylyň iň gowy aýdymlaryny, albomlaryny, ýazgylaryny, kompozisiýalaryny we ýerine ýetirijilerini kesgitlediler.
Bu ýyl iň köp heýkeljigi Kendrik Lamar aldy. Onuň «Not Like Us» atly aýdymynyň bäş ugurda ýeňiş gazanyp, «Ýylyň ýazgysy» we «Ýylyň aýdymy» ýaly ugurlarda ýeňiji bolmagy, bu aýdymyň «Grammy» taryhynda iň köp sylag alan rep-aýdym bolmagyna getirdi.
Beyonce bolsa bu ýyl iň köp ugurda (11) bellenildi. Ol üç baýrak gazanyp, şol sanda «Ýylyň albomy» we «Iň gowy kantri-albomy» üçin Cowboy Carter albomy bilen ýeňiji boldy.
Öz döredijilik ýolunda jemi 99 ugur gazanan Beyonce, «Grammy» taryhynda iň köp ugur boýunça hödürlenen artist boldy. Mundan başga-da, onuň Cowboy Carter albomy, bu dabaranyň taryhynda aýal artistiň iň köp ugurda hödürlenen albomy boldy.
Pop aýdym-sazynyň ýene bir ýyldyzy Taylor Swift bolsa rekord goýdy – ol «Ýylyň albomy» ugrunda ýedi gezek dalaşgär görkezilen ilkinji artist boldy. Şeýle-de bolsa, ol 2025-nji ýylyň «Grammy» baýraklarynyň alty nominasiýasynyň hiç birinde ýeňiş gazanyp bilmedi.
The Beatles toparyna emeli aň arkaly döredilen aýdym üçin “Iň gowy rok-ýerine ýetiriji” baýragy berildi. 50 ýyl mundan ozal dargan The Beatles topary “Iň gowy rok ýerine ýetiriji” ugrunda ýeňiji boldy. Olar bu baýragy emeli aň arkaly döredilen “Now and Then” aýdymy üçin aldylar. Bu aýdym Jon Lennonyň arhiw demo ýazgysyna esaslanyp, Pol Makkartni, Jorj Harrison we Ringo Starr tarapyndan 1995 we 2022-nji ýyllarda ýazylan bölekler bilen üsti ýetirilen. Netijede, ol 2023-nji ýylyň ahyrynda halka ýetirildi. Baýragy Jon Lennonyň ogly Şon Lennon kabul etdi (surat makalanyň adynda ýerleşdirilen).
"Bu hakda oýlansaň, hakykatdanam ynanyp bolmajak zat. The Beatles örän täsin işleri ýerine ýetirdi we olar henizem medeniýetde saklanýar, adamlar olaryň sazyny diňlemäge dowam edýärler. Meniň pikirimçe, bu taryhdaky iň beýik topar. Men bu ýerde Jaýls Martin bilen bolmalydym, ol bu aýdymy Pol bilen bilelikde ýazga geçirip, ajaýyp iş etdi. Bilmedim-dä. Diňe bir zat aýtmak isleýärin: çagalaryňyza The Beatles aýdymlaryny diňlediň. Meniň pikirimçe, dünýä The Beatles ýaly adamlary ýatdan çykarmaly däl. Dünýä bu saza zerur. Bize parahatçylyk we söýgi gerek, 60-njy ýyllaryň jadylygy hemişelik ýaşasyn" – diýip, Şon Lennon belledi.
1960-njy ýyllaryň ýene bir meşhur topary – The Rolling Stones topary «Hackney Diamonds» albomy bilen «Iň gowy rok-albomy» ugrunda ýeňiji boldy.
“Grammy” baýragynyň taryhynda iň ýaşuly ýeňiji öňki ABŞ Prezidenti Jimmi Karter boldy. Ol geçen ýylyň dekabrynda, 100 ýaşynda aradan çykdy. Oňa “Iň gowy audiokitap, ses ýazgysy we beýan etme sungaty” ugurynda ölüminden soňky “Grammy” baýragy berildi. Bu onuň dördünji baýragy bolup, ol öň hem üç gezek söz sungaty albomlary üçin ýeňiji bolupdy. Baýragy onuň agtygy Jeýson Karter kabul etdi.
Baýrak alanlaryň doly sanawy
Ýylyň albomy – «Cowboy Carter» aýdymçy Beyonce
Ýylyň ýazgysy – «Not Like Us» Kendrick Lamar
Ýylyň aýdymy – «Not Like Us» Kendrick Lamar
Iň gowy täze aýdymçy – Chappell Roan
Iň gowy şekilli aýdym – «Not Like Us» Kendrick Lamar
Iň gowy wokal meşhur albomy – “Short n’ Sweet” Sabrina Carpenter
Iň gowy kantri albomy – “Cowboy Carter” Beyonce
Iň gowy tans meşhur aýdymy – “Von Dutch”Charli XCX
Iň gowy meşhur duet ýa-da aýdym toparynyň çykyşy – “Die With A Smile” Lady Gaga we Bruno Mars
Iň gowy kantri jübüt toparynyň çykyşy – “II Most Wanted” Beyonce we Miley Cyrus,
Iň gowy rok albomy – “Hackney Diamonds” The Rolling Stones
Iň gowy rok ýerine ýetiriji – “Now and Then” The Beatles
Iň gowy R&B aýdym – “Saturn” SZA
Iň gowy ösen R&B albomy – “So Glad to Know You” Avery Sunshine, we “Why Lawd?” NxWorries (Anderson .Paak & Knxwledge)
Iň gowy rep ýerine ýetirilişi – “Not Like Us” Kendrick Lamar
Iň gowy rep aýdym – “Not Like Us” Kendrick Lamar
Iň gowy sazly rep ýerine ýetirişi – “3:AM” Rapsody featuring Erykah Badu
Iň gowy tans albomy – “Brat”Charli XCX,
Iň gowy ýekelikde pop ýerine ýetirilişi – “Espresso” Sabrina Carpenter
Iň gowy adaty pop wokal albomy – “Visions” Norah Jones
Iň gowy latinoamerikan pop albomy – “Las Mujeres Ya No Lloran” Shakira
Iň gowy rok aýdym – “Broken Man” St. Vincent
Iň gowy alternatiw žanrda ýerine ýetiriliş – “Flea” St. Vincent
Iň gowy alternatiw albomy – “All Born Screaming” St. Vincent
Wizual media üçin saundtrek toplumynyň albomy – Music By Leonard Bernstein — London Symphony Orchestra, Yannick Nézet-Séguin, Bradley Cooper
Wizual media üçin iň gowy saundtrek – «Dune: Part Two» Hans Zimmer
Iň gowy sazly film – “Amerikan simfoniýasy” Jon Batiste
Ýylyň aýdymlarynyň iň gowy awtory – Emi Allen
Iň gowy remiks – “Espresso” Mark Ronson
Ýylyň iň gowy prodýuseri – Daniel Nigro
Afrika sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi – “Love Me JeJe” Tems
«Grammy» baýragynyň 45 sany iň gowy rok ýeňijileriniň sanawy şu ýerde
ORIENT