KazanForum -yň jemleri jemlendi
29.05.2024 | 12:37 |14 – 19-njy maýda Kazan şäherinde Russiýa Federasiýasy bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary gurmagyň esasy federal meýdançasy bolan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy üstünlikli geçirildi.
Forumyň maksady Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik, durmuş we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Forumy 40 ýurtdan 870-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdesi şöhlelendirdi. Bu ýyl rekord görkezijiler gazanyldy.
Bu çärä 87 ýurtdan (2023-nji ýylda 80 ýurtdan) we Russiýa Federasiýasynyň 87 subýektinden (2023-nji ýylda 86 subýektden) 20 müňden gowrak adam (2023-nji ýylda 16,2 müň adam) gatnaşdy.
ORIENT news