Media kompaniýalar syýasatçylara ýüzlendiler
14.08.2023 | 11:43 |Dünýäniň iň iri media guramalary emeli intellekti öndürijileriň işiniň açyk-aýdyň bolmagyny düzgünleşdirmek üçin syýasatçylara ýüzlendiler. Hatda bellenişi ýaly, emeli intellekti öndüriji modelleriň öwrediliş prosesinde doly açyklyk üpjün edilmeli.
Hatyň awtorlarynyň ynanajyna görä, täze tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellektiň ösüşindäki doly oýlanyşylyp edilmedik hereket köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş gurşawyna özüniň ýaramaz täsirini ýetirer. Şeýle hereket jemgyeýtiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bolan ynamyny peseldip, köpçülige ýetirilýän media önüminiň hilini peselder.
Hatyň awtorlarynyň bellemegine görä, emeli intellekt taýýarlanylanda ony taýýarlanlar, hukuk jogapkärçiligi we ulanyşa goýberilişde taraplaryň ylalaşygy boýunça açyklyk, aýdyňlyk bolmaly. Şunda media toparlarynyň we emeli intellekti işläp taýýarlaýjylaryň arasynda toplumlaýyn gepleşikler geçirilmelidir.
Emeli intellektiň standartlary döredilende bu işe syýasatçylaryň hem çekilmegi wajypdyr.
Şeýle mazmundaky haty ýazanlaryň arasynda “European Publishers' Council”, “Agence France-Presse”, “European Pressphoto Agency”, “Gannett”, “USA TODAY Network”, “Getty Images”, “National Press Photographers Association” ýaly dünýäniň iri media toparlarynyň wekilleri bar.
ORIENT news