Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy ITF-yň prezidenti bilen Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi barada maslahatlaşdy
16.07.2025 | 10:20 |London şäherinde geçirilen Uimbldon ýaryşynyň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Eziz Döwletow Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň esasy temasy TTF bilen ITF-yň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmeginiň taýýarlyk işleri boldy. Resminama hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de türkmen tennisiniň dünýä bileleşigine has işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen. Hususan-da, tälimçileri taýýarlamak, tejribe alyşmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem halkara bilermenleriň Türkmenistanda türgenleşik işlerine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Taraplar Aşgabatda 4-15-nji awgust aralygynda geçiriljek ITF Level 2 sebitleýin seminarynyň geçirilmegi barada hem maslahatlaşdylar. Oňa 12 türkmen hünärmeni gatnaşar.
Duşuşygyň barşynda türkmen tennisçileriniň ýaňy-ýakyndaky üstünlikleri barada hem bellenildi: aýratyn-da, U12 ýaş gyzlar ýygyndy toparynyň Aziýanyň topar çempionatyna çykmagy, şeýle-de ýurdumyzyň erkekler we aýallar ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlardaky ýokary netijeleri üns merkezinde boldy.
ORIENT