X-59: Sessiz ýokary tizlikli uçuşa tarap täze ädimler
14.07.2025 | 15:20 |NASA-nyň we Ýaponiýanyň JAXA kosmos barlaglary agentliginiň hünärmenleri X-59 tejribe uçarynyň göwrümli nusgasynyň möhüm synaglaryny üstünlikli tamamladylar. Bu synaglar Teofu şäherindäki JAXA-nyň ýokary tizlikli aerodinamiki turbasynyň içinde geçirildi. Synaglaryň baş maksady uçar tarapyndan döreýän ses derejesini ölçemek bolup, bu ýer ýüzündäki adamlara ýetirýän täsirini bahalandyrmak üçin örän möhümdir.
X-59 ýokary tizlikli, ýöne uly ses tolkuny döretmeýän uçuş üçin ýörite taslandy. Synag üçin asyl nusganyň 1,62% ululygyndaky model ulanyldy, oňa 1,4 Mach (takmynan 1488 km/sag) tizligiň simulýasiýasy bilen howa akymlary täsir etdirildi. Bu bolsa howanyň hereketi we ses tolkunlarynyň güýji barada maglumat ýygnamaga mümkinçilik berdi. Toplanan maglumatlar soňra sanly modeller bilen deňeşdiriler. X-59-nyň üýtgeşik gurluşy uly ses tolkunynyň öňüni alýar — onuň ýerine has ýuwaş sesiň ýüze çykmagyna garaşylýar.
X-59 uçary häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Palmdeýl şäherinde ýerüsti synaglarynyň soňky tapgyryndan geçýär. Onuň ilkinji taryhy uçuşy şu ýyl meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy geljekde ýolagçylar üçin ýokary tizlikli, ýöne ýer ýüzündäki ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döretmeýän täze uçar tehnologiýalarynyň we taslama gurallarynyň işlenip düzülmegine ýol açar.
ORIENT