Türkmen tennisçileri Şri-Lankadaky ýaryşyň play-off tapgyryna çykdylar
16.02.2023 | 15:51 |Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda uly tennis boýunça Aziýa we Okeaniýa sebitiniň arasyndaky World Junior Tennis Competition 2023 dünýa Çempionatynyň play-off tapgyryna çykmagy başardylar.
Türkmenistanyň 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Saud Arabystanyň toparyndan güýçli çykdy. Imran Ahundow 7:5, 6:3 hasabynda Haider Mohammad Al Fraidini ýeňdi. Ýene-de bir türkmen tennisçisi Selim Çagylow 6:4, 6:0 hasabynda Abdulrazak Al Henabiden üstün çykdy. Jübüt çykyş etmekde bolsa türkmen türgenleriň ikiligi 6:2, 6:1 hasabynda öňdeligi aldy.
Türkmen tennisçileri özleriniň D toparynda birinji orny eýelediler, bu bolsa olara play-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik berdi, ol ýerde olar Nepalyň ýygyndysy bilen ýaryşarlar.
Zenanlar ýygyndysy Gyrgyzystanyň topary bilen duşuşdy we ony 2:1 hasabynda ýeňdi. Ilima Güseýnowa 6:7, 6:3, 7:6 hasabynda Kamila Aripowany ýeňdi. Natalýa Martynowa 3:6, 5:7 hasabynda Ýewa Gawşinadan ýeňildi, ýöne kesgitleýji jübüt duşuşykda türkmen dueti 6:1, 6:3 hasabynda aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy.
Türkmen tennisçi gyzlary B toparynda ikinji ýeri eýelediler, ýöne play-off tapgyryna çykdylar. Türkmenistandan gelen gyzlaryň bäsdeşi Malaýziýanyň ýygyndysy bolar.
14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa we Okeaniýa sebitiniň dünýä Çempionaty 15 ýurtdan – Türkmenistandan, Bangladeşden, Şri-Lankadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Malaýziýadan, Nepaldan, Kambodžadan, Mongoliýadan, Ýemenden, Gyrgyzystandan, Liwandan, Makaodan, Saud Arabystanyndan we Ýuwaş Ummanyň birleşen toparynyň tennis sportunyň wekillerini ýygnady.
ORIENT habarlar